24.01.2022 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Beýik döwrümize buýsanç
Beýik döwrümize buýsanç
28.12.2021 169 Habarlar | Harby özgertmeler

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.

Çykyş edenler Täze – 2022-nji ýylyň zamanamyzyň synmaz ruhuny, beýik ösüşlerini aýdyň şöhlelendirýän belent şygar bilen atlandyrylmagynyň mähriban halkymyzyň, Watan goragçylaryň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterip, bagtly zamanany esaslandyryp, halkymyzy we Watanymyzy täze üstünliklere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza bolan belent hormat-sarpanyň aýdyň nyşanydygyny bellediler. Şeýle hem Täze ýylyň şygary ýurdumyzyň asudalygyny üpjün edýän merdana harby gullukçylary täze üstünliklere ruhlandyrýar. Munuň özi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýurdumyz üçin iňňän uly ähmiýetli şanly wakalaryň, ajaýyp üstünlikleriň ýyly boljakdygyna pugta ynam döredýändigini nygtadylar.

«Merdana nesiller», «Watançy», «Serhet owazlary» aýdym-saz toparlarynyň we «Göreldeli» harby orkestriniň ussat aýdymçylarynyň hem-de ezber sazandalarynyň hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň beýik başlangyçlaryny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, mukaddes harby borjy wasp edip ýerine ýetiren joşgunly çykyşlary dabara gatnaşyjylaryň watançylyk duýgusyny has-da belende göterdi.

Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyňÝaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edildi.

«Milli goşun».