22.04.2024 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
«Arkadag» futbol topary – Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi
«Arkadag» futbol topary – Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi
25.12.2023 1271 Sport

Düýn «Arkadag» stadionynda geçirilen duşuşykda «Arkadag» futbol topary «Ahaly» 3:0 hasabynda utup, Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi boldy.

Final duşuşygy diýseň çekeleşikli boldy. Tejribeli hem-de meşhur «Ahal» futbol topary ilkinji minutlarda güýçli garşydaşyna mynasyp garşylyk görkezen hem bolsa, öz şäherinde, öz janköýerleriniň arasynda duşuşýan «Arkadag» topary ýeňiş gazanmaga ymtyldy.

Şeýlelikde, «Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň Kubogynyň 30 ýyllyk taryhynda oňa mynasyp bolan 11-nji topar hökmünde taryha girdi. Ilkinji möwsümini goşa baýrak bilen başlan «Arkadag» topary Kubok ýaryşynyň 2023-nji ýyldaky möwsüminde iň köp duşuşyk geçiren topar boldy. Netijede «Arkadag» futbol topary ilkinji möwsümini rekord derejesindäki üstünlikler bilen tamamlady.