milli goshun logo
Ýurdumyzyň merdana Watan goragçylary ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge goşant goşýarlar
Ýurdumyzyň merdana Watan goragçylary ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge goşant goşýarlar
06.02.2020 2645 Harby Bilim

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz çykyşlarynda belleýşi ýaly, halkymyzyň taryhyny bilýän,  ýurdumyzyň häzirki gazanan beýik üstünliklerine guwanýan, Garaşsyz Türkmenistanyň şan-şöhratyny artdyrmaga çalyşýan hakyky watançylaryň ýokary bilimli neslini ösdürip ýetişdirmek biziň baş wezipämizdir.

Milli Liderimiziň alyp barýan ýaşlar syýasatyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde çagyryş boýunça harby gulluga çagyrylan zehinli ýaşlara harby taýýarlyklar bilen birlikde, ylym-bilim bilen meşgullanmaga hem ähli mümkinçilikler döredilýär.

Harby wekillikler ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerini tamamlan zehinli uçurymlary ukyp-başarnygyna seredip, içinde ylmy bölümçeleri bolan we kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan harby bölümlere ýollaýarlar. Degişli harby bölümlerde okuwda tapawutlanan hem-de ýurdumyz üçin wajyp bolan ylmy işleriň üstünde işleýän ýaşlara Watanymyzyň ylmy ösüşlerine özleriniň mynasyp goşant goşmagyny dowam etdirmek üçin ähli şertler döredilýär.

Şeýle bölümçeleriň biri-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda ýerleşýär. Bu ýerde çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerler harby talyplar bilen birlikde, özleriniň ylmy gözleglerini dowam etdirýärler. Olara institutyň Ýaş alymlar geňeşi ähli tarapdan goldaw berýär.

– Ýokary bilimi bolan çagyryş boýunça harby gullukçylaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Olaryň arasynda ýurdumyzyň ylym we ykdysadyýet ulgamynyň ösüşlerine düýpli täsir edip biljek giň dünýägaraýyşly, öňdebaryjy pikirli hünärmenleriň barha köpelýändigi bolsa, aýratyn guwandyryjy ýagdaýdyr. Bu görkezijilere görä, biz ýaş zehinli alymlary çagyryş boýunça harby gullugy geçýän döwründe ylmy döredijilik gözlegleri bilen netijeli meşgullanmaga ýakyndan ýardam berýäris – diýip,  Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy kapitan Döwran Abdyrasulow gürrüň berýär.

Häzirki wagtda institutyň ylmy bölümçesiniň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanyp, ylmy derňewleri dowam etdirýän harby gullukçylaryň biri hökmünde   Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uçurymy, hatarçy Röwşen Çarygeldiýewi mysal getirse bolar. Ýaş zehinli himik özüniň ylmy işiniň üsti bilen türkmen milli içgisiniň – düýe çalynyň saklanyş möhletini has-da uzaltmagy maksat edinýär.

Ylmy iş hem-de harby taýýarlyk bilen birlikde, harby gullukçy umumymilli we halkara ylmy bäsleşiklerine hem gatnaşýar. Häzirki wagtda ol Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde her ýyl geçirýän ýaş türkmen alymlarynyň taslama bäsleşigine taýýarlyk görýär. Şeýle-de, hatarçy Röwşen Çarygeldiýew öz ylmy ýolbaşçysy bilen ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ylmy žurnallarynda makalalary bilen yzygiderli çykyş edýär.

Harby institutyň ylmy bölümçesiniň harby gullukçylary «Türkmentel-2019» atly XII halkara sergisiniň çäklerinde geçirilen « Ýaş alymlar – telekommunikasiýa ulgamynda» bäsleşiginde ýokary netijeleri gazanmagyň ussatlyk bilen hötdesinden geldiler. Sergide olar maglumat-kommunikasion we programmalaşdyrmak ugurlary boýunça öz ylmy taslamalaryny hödürlediler. Görkezen işjeňligi üçin harby gullukçylaryň birnäçesi çäräni guraýjylaryň Hormat hatlaryna mynasyp boldular.

Sanly ulgam barada aýdanymyzda, ylmy bölümçäniň harby gullukçylary Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutyny, Harby-deňiz institutyny hem-de Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini birleşdirýän sanly bilim portalynyň döredilmegine we onuň işjeňligine goşant goşýandyklaryny aýratyn bellemek gerek. Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uçurymy çagyryş boýunça harby gullugyň hatarçysy Myrat Bekmämmedow bu maglumat ulgamyny yzygiderli baýlaşdyrýar, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň sapaklaryny wideo ýazgy edip, portala ýerleşdirýär hem-de özbaşdak ylmy işler bilen meşgullanýar.

Türkmen döwlet energetika institutynyň uçurymy, hatarçy Myratnazar Çaryýew hem sanly portalyň ýöredilmegine uly ähmiýet berip, portal üçin zerur maglumatlary taýýarlaýar. Şol bir wagtda, ol kompýuter platalarynyň kämilleşdirilen gurluşlaryny işläp taýýarlamagyny dowam etdirýär, öz işiniň netijelerini bolsa, ençeme gezek ylmy sergilerde görkezdi.

– Bize bilim derejämizi ýene-de artdyrmak we ylmy makalalary taýýarlamak üçin baý maglumat ulgamy we kitaphana elýeterlidir. Häzirki zaman alymlarynyň ylmy işlerinden netijeli peýdalanyp, dünýäniň ösen ylym we tehnikalaryndan elmydama habarly bolup durýarys – diýip, harby gullukçy aýdýar.

«Milli goşun».