milli goshun logo
Ýurdumyzda Ýaşulular geňeşiniň mejlisi geçirildi
Ýurdumyzda Ýaşulular geňeşiniň mejlisi geçirildi
01.02.2024 419 Habarlar

Düýn – 31-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň täze agzalygyna kabul etmek şu günki mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Şeýle hem mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny halkyň, hususan-da, ýaşlaryň arasynda wagyz etmekde ýaşulularyň alyp barýan işleri bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňra mejlise gatnaşyjylar 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygarynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini we çuňňur many-mazmunyny halkyň arasynda wagyz etmek boýunça ýaşulularyň alyp barýan işleri bilen baglanyşykly meselelere garadylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.