milli goshun logo
Ýurdumyzda hokkeý boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy
Ýurdumyzda hokkeý boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy
15.04.2024 212 Sport

Şu gün – 15-nji aprelde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hokkeý boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. Bu halkara ýaryşa 10 ýurtdan 10 topar gatnaşýar. Olar ýurdumyzyň «Galkan», Özbegistan Respublikasynyň «Feniks», Oman Soltanlygynyň «Oman Nationals», Bahreýn Patyşalygynyň «Bahrain Ice Hockey Club», Gazagystan Respublikasynyň «Akmola», Türkiýe Respublikasynyň «Team-Turkiye», Gyrgyz Respublikasynyň «Dordoý», Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Adihis-Kazan», Eýran Yslam Respublikasynyň «Ice Box Iran Mall» we Belarus Respublikasynyň «Wolat» hokkeý toparlarydyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hokkeý boýunça halkara ýaryşa gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly: «Biz ýurdumyzda sportuň gyşky görnüşlerini, hususan-da, hokkeýi ösdürmäge uly üns berýäris, bu ugurda amatly şertleri, mümkinçilikleri döredýäris. Häzirki wagtda Türkmenistanda sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport desgalarynyň döwrebap ulgamy hereket edýär, hokkeý boýunça milli çempionatymyz yzygiderli geçirilýär, hokkeý toparlarymyz halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýärler».

Bu iri halkara ýaryşy Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň 200-si bu ýaryşda meýletinçilik edýär.

Maglumat hökmünde belläp geçsek, şu gün – 15-nji aprelde 10:00-da 1-nji tapgyrda «А» toparçada «Feniks» (Özbegistan) – «Oman Nationals» (Oman), «В» toparçada «Akmola» (Gazagystan) – «Team-Turkiye» (Türkiýe) toparlary duşuşdy.

Günüň ikinji ýarymynda 14:00-da «А» toparçada «Galkan» (Türkmenistan) – «Bahrain Ice Hockey Club» (Bahreýn), «В» toparçada «Dordoý» (Gyrgyzystan) – «Adihis-Kazan» (Tatarystan, Russiýa) ilkinji duşuşyklaryny geçirer.

Paýtagtymyz Aşgabatda geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryş eziz Diýarymyzyň «Türkmenistan sport» we «Ýaşlyk» teleýaýlymlarynda göni ýaýlymda, daşary ýurtlaryň «MIR 24», «TRT AVAZ», «CCTV» teleýaýlymlarynda görkeziler. «Asiavision», Aziýa – Ýuwaş umman radiogepleşikler assosiasiýasynyň habarlar toparynyň kompaniýalarynyň arasynda ýaýradylar we Döwletara habarlar topary tarapyndan ýaýlyma berler. Halkara sport metbugaty assosiasiýasynyň hem-de Aziýa sport metbugaty birleşiginiň neşirlerinde degişli habarlar çap ediler.

Paýtagtymyzda badalga alan hokkeý boýunça halkara ýaryşda türkmen türgenleri öz yhlaslaryny görkezip, halkymyzyň ynamyny ödärler. Ata Watanymyz Türkmenistan bolsa halkara derejeli iri sport ýaryşlaryny üstünlikli geçirmäge ukyplydygyny ýene bir ýola äşgär eder.

Hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýurdumyza wekilçilik edýän Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» toparyna ýeňiş ýaran bolsun!