05.06.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Watan ebedi juwandyr! / Baýgeldi Çaryýew
Watan ebedi juwandyr! / Baýgeldi Çaryýew
22.01.2020 853 Bäsleşik

Ynsanyň töweregini gurşap alýan mukaddeslikler köp. Olaryň biri – perzent. Türkmenler: «Bal süýji, baldan bala süýji» diýip, nakyl döredipdirler. Ikinjisi – dost. Dostlugyň ilkinji mizemez şerti deňlikdir. «Özüňi süýt bilgin, dostuňy gaýmak» diýýär, türkmen aga. Üçünjisi – ata-ene. Türkmenler: «Altynyň-kümşüň könesi bolmaz, ata – enäniň bahasy» diýip, jaýdar aýdýarlar.

Ýöne, durmuşyňam öz ýazylmadyk kanunlary bar. Perzent ýalňyşyp, ene-atanyň dilini gysga edäýmegi mümkin. Dostuň ikilik edäýmegi ahmal. Ynsan garraýar. Ata-ene başyňy alyp durmaýar. Günleriň bir güni ýetim goýýar. Watan hiç haçan dili gysga etmeýär, ikilik etmeýär, ikilik etmek Watan diýen mukaddeslige ýatdyr. Watan garramaýar, ýetim goýmaýar, Watan ebedi juwandyr!

Adam öz gözläp ýören rahatlygyny diňe öz Watanyndan tapýar. Biz toprak, Watan bilen diňe bir göbek ganymyz hem birleşdirýär. Şu topragyň goýnunda bakylyga öwrülip giden ata-babalarymyz bizi şu toprak, Watan bilen ömürbaky baglap goýýar. Guşa öz höwürtgesinden, parasatly türkmenler aýtmyşlaýyn, towşana dogduk depesinden eziz zat dünýäde ýokdur.

Diýmek, Watany söýmek, Watan duzuna wepaly bolmak, biziň ata-babalarymyzyň öňündäki ödemeli mukaddes borjumyz bolup durýar. Watan bizi geçmiş bilen, geljek bilen baglanyşdyrýan ruhy bitewilik eken. Nura gark bolup ýatan sährany miras goýan ata-babalarymyz bize Watanyň nämediginem, ony nähili söýmelidiginem öwredip gidipdirler. Watana söýgi bize gan bilen geçipdir. Ata-babalarymyzdan bize iň uly peşgeş şoldur.

Baýgeldi Çaryýew,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.