milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
06.06.2023 1939 Habarlar

5-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Bellenilişi ýaly, sebitlerde şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak, zyýankeşlere garşy göreşmek işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Welaýatlarda galla oragyna guramaçylykly girişilip, orakda ulanylýan kombaýnlar, awtoulaglar bökdençsiz işledilýär, galla kabul ediş bölümleriniň işi talabalaýyk guralýar, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýazlyk ýeralma we beýleki gök-bakja önümleri bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek boýunça ozal beren tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatlaryň ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýär, ýetişen hasyly ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkimler Ylymlar güni mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, häzirki wagtda oba hojalygynda örän jogapkärli we möhüm möwsümiň — galla oragynyň başlanandygyny we onuň guramaçylykly geçirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi hem-de bugdaý oragynda ähli düzümleriň bökdençsiz işledilmegi, gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň depgininiň güýçlendirilmegi babatda degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli welaýatlarda geçiriljek dürli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini häkimlere tabşyrdy.