milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi
03.02.2024 461 Habarlar

Düýn – 2-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna hem-de döwlet durmuşyna degişli ileri tutulýan meselelere garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Mejlisiň barşynda nebitgaz, oba hojalyk, gurluşyk, söwda we telekeçilik, medeniýet, ylym-bilim, halkara gatnaşyklary, ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça çözgütler kabul edildi.