29.07.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
19.07.2021 61 Habarlar

Iýul aýynyň 17-ne hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda öňde duran wezipeler hem-de şu ýylyň ikinji ýarymy üçin daşary syýasy işler, şeýle hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çärelere görülýän taýýarlyk bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň mejlisiň başynda belleýşi ýaly, öňde durýan şanly sene mynasybetli medeni-durmuş, önümçilik maksatly binalaryň we desgalaryň açylyş dabaralaryny geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak zerur bolup durýar. Baýramçylygyň öň ýanynda meýilleşdirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi esasy wakalaryň biri bolar.

Ýylyň ahyryna çenli öňümizde alyp barýan hoşniýetli daşary syýasatymyz esasynda baky Bitaraplygymyza esaslanýan ençeme halkara çäreler bar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şeýlelikde, awgust aýynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, soňra bolsa Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler. Bu çäre üçtaraplaýyn dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge ýardam berer. Bulardan başga-da, ýurdumyzda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji forumyny hem-de Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň 6-njy duşuşygyny geçirmek göz öňünde tutulýar.