28.09.2022 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanda Hazar deňziniň güni bellenildi
Türkmenistanda Hazar deňziniň güni bellenildi
13.08.2022 91 Habarlar

12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni bellenildi. Bu baýramçylyk Hazarýaka döwletler tarapyndan her ýyl bellenilýär.

“Hasyl” myhmanhanasynda geçirilen «Hazar deňzi — dostluk we ylalaşyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahat baýramçylygyň esasy çäresi boldy. Bu forum hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan guraldy.

Maslahatyň gün tertibine Hazar bilen bagly möhüm ugurlar — syýasat, ykdysadyýet, söwda, ekologiýa, ynsanperwer gatnaşyklar boýunça meseleler girizildi. Maslahata ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, alymlar, şeýle-de Hazarýaka döwletleriň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, iri halkara guramalaryň — BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň ýurdumyzdaky edarasynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri gatnaşdylar.