milli goshun logo
MILLI GOŞUNYMYZYŇ BUÝSANJY HEM GUWANJY
MILLI GOŞUNYMYZYŇ BUÝSANJY HEM GUWANJY
21.08.2022 1849 Sport

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa harby esgerleriň sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlaryny, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly bölüminiň görkezme çykyşlaryny synladylar.

Soňra myhmanlara toplumyň çäginde harby gullukçylar tarapyndan idedilýän ahalteke bedewleri görkezildi. Mälim bolşy ýaly, ady rowaýata öwrülen we dünýäde meşhurlyk gazanan ahalteke bedewleri ýurdumyzyň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, harby düzümlerde hem işjeň ulanylýar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Hojalyk müdiriýetiniň binalar toplumynyň çäginde ösdürilip ýetişdirilýän alabaýlar görkezildi. Häzirki döwürde şöhratly pederlerimiziň yhlasyndan myrat tapan alabaý itleri harby we hukuk goraýjy edaralaryň gulluklarynda ulanylýar. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde ösdürilip ýetişdirilýän we idedilýän alabaýlar ýurdumyzda geçirilýän bäsleşiklere işjeň gatnaşdyrylýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna degişli Akhan atly alabaý 2021-nji ýylda geçirilen «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy.