09.12.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dubaýda möhüm ähmiýetli waka gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dubaýda möhüm ähmiýetli waka gatnaşdy
10.10.2021 83 Habarlar

9-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny amala aşyryp, Dubaý şäherinde geçirilýän «EKSPO 2020» Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guralan Türkmenistanyň milli gününe gatnaşdy.

«EKSPO 2020» Bütindünýä sergisiniň dabaraly açylyşy 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda geçirildi. Hormatly Prezidentimiz giň gerimli foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda onuň birleşdiriji ähmiýetini belledi hem-de Bütindünýä sergisine gatnaşyjylar tarapyndan anyk teklipleriň hödürlenip, olaryň halkara jemgyýetçilikde uly gyzyklanma döretjekdigine we geljekde hereketleri utgaşdyryp, dünýä döwletleriniň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmakda, ählumumy hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynam bildirdi.

Türkmenistanyň «EKSPO 2020» sergisine gatnaşmagynyň esasy maksady özygtyýarly ösüşiň 30 ýylynda dürli ugurlarda gazanylan üstünlikleri dünýä ýaýmakdan, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekden, öndürilýän harytlaryň eksportyny artdyrmakdan ybaratdyr.