milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz GDA-nyň Baş sekretaryny kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz GDA-nyň Baş sekretaryny kabul etdi
23.05.2024 69 Habarlar

Düýn – 22-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.

GDA-nyň Baş sekretary, öz gezeginde, Aşgabatda halkara sport çärelerini ýokary derejede guramak üçin ähli zerur infrastrukturanyň bardygyny hem-de ýurdumyzyň dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülendigini belledi. Duşuşygyň dowamynda howanyň üýtgeýän şertlerinde daşky gurşawy goramak meselelerini çözmekde, şol sanda «ýaşyl» tehnologiýalary ösdürmekde tagallalary işjeňleşdirmegiň maksadalaýykdygy aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň arasynda dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly goşant boljak oňyn netijeleri gazanmak üçin Türkmenistanyň bu oňyn dialogy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmegi maksat edinýändigini belläp, GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedewe, Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ähli agzalaryna bilelikde alnyp barlan işler, guramanyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň netijeli utgaşdyrylýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz hem-de myhman birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, GDA-nyň formatyndaky oňyn hyzmatdaşlygyň toplanan köpýyllyk tejribä esaslanyp, mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.