milli goshun logo
Giriş synaglary dowam edýär
Giriş synaglary dowam edýär
24.07.2019 1962 Harby Bilim

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda we Harby-deňiz institutynda giriş synaglary dowam edýär. Synaglaryň dowamynda harby talyp bolmak isleýän dalaşgärler takmynan iki hepdäniň içinde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň serkerdesi bolmaga mynasyplygynyň derejesini görkezerler. Olar fiziki taýýarlygy boýunça normatiwleri hem-de matematika, fizika we Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça synaglary tabşyrarlar. Iki ýyllyk çagyryş boýunça harby gullugynda ýa-da Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerinde doly taplanan dalaşgärleriň ähli fiziki möçbernamalary üstünlikli geçjekdikleri ikuçsyzdyr.

– Men harby talyp bolmaga gulluk ýyllarymdan bäri höwes edýärdim – diýip, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy  adyndaky Harby institutyna dalaşgär Kakajan Meretgeldiýew aýdýar.

– Şol döwürde öz işine ussat serkerdämiziň biri maňa görelde bolupdy. Ol öz ugry boýunça ökde hünärmen hökmünde bizi günde täzeçe usullary we gözlegleri bilen geň galdyrýardy. Ana, şol görelde hem meni şu ýerik getirdi.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul edilen dalaşgärler birnäçe ýeňilliklerden peýdalanarlar. Şol sanda gündelik we meýdan eginbaşlar hem-de durmuş serişdeleriniň, goş emläkleriniň degişli görnüşleri,

okuw döwründe iýmit, talyp haky, eginbaş, umumyýaşaýyş jaýy, şeýle hem durmuş serişdeleriniň ähli görnüşleri bilen Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda üpjün edilip, okuwlaryny tamamlandan soň bolsa Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde serkerdelik wezipesine bellenerler.

«Milli goşun».