Şu gün Aşgabat şäherimizi hokkeý boýunça halkara ýaryşyň ruhy gurşap
aldy. Türkmenistan döwletimiziň sport
janköýerleri bolsa, bu ýaryşda ýurdumyza wekilçilik edýän «Galkan» toparyna
janköýerlik etdiler.
Günüň ikinji ýarymynda «А» toparçada ýurdumyzyň «Galkan», Bahreýn
Patyşalygynyň «Bahrain Ice
Hockey Club» hokkeý toparlary ilkinji duşuşyklaryny geçirdiler.
Ýurdumyzyň «Galkan» hokkeý topary oýnuň ilkinji minutlaryndan başlap, ýeňşe
uly ynam döretdiler. Bu halkara ýaryşyna ýokary derejede taýýarlanandyklaryny
subut edip, «Bahrain Ice
Hockey Club» toparynyň oýunçylaryndan her pursatda üstün çykmagy
başardylar. Netijede, ýurdumyzyň milli ýygyndy topary 1-nji döwde 5:0, 2-nji
döwde 5:1, 3-nji döwde 8:1 hasap bilen, bu duşuşygy uly ýeňiş bilen tamamlady.
Oýnuň dowamynda Begenç Döwletmyradow, Baýmyrat Baýmyradow, Amangeldi
Aganyýazow, Döwrangeldi Baýjanow, Döwlet Hydyrow, Arslan Nuryýew dagy türkmen
halkymyzyň ynamyny ödäp, hokkeý boýunça halkara ýaryşda döwletimiziň sport
abraýyny belende göterdiler.
«Galkan» toparynyň gazanan bu üstünligi ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy
edaralarynyň Watan goragçylaryny diýseň buýsandyrdy.
Nobatdaky ýeňşiňiz gutly bolsun, «Galkan» hokkeý toparynyň türgenleri!