milli goshun logo
Gahryman Arkadagymyz BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
Gahryman Arkadagymyz BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
22.02.2024 383 Habarlar

Düýn – 21-nji fewralda paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy. Ýurdumyza sapar bilen gelen belent mertebeli myhman türkmen myhmansöýerliginiň iň gowy däplerine laýyklykda mähirli garşylanyldy.

Söhbetdeşler ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de giňeltmek üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan köpýyllyk döwletara hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan birek-birek bilen mähirli hoşlaşyp, iki ýurduň we doganlyk halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.