16.10.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy
Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy
12.10.2021 50 Habarlar

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XIII jildiniň neşir edilmegi milli Liderimiziň türkmen lukmanlarynyň hünär baýramçylygyna, tutuş halkymyza hem-de dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine özboluşly sowgady boldy. Kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy 11-nji oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň mejlisler zalynda guraldy.

Türkmenistanyň Prezidenti, Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň ensiklopedik işi ýurdumyzyň baý ösümlik dünýäsi hem-de halk lukmançylygynyň gadymy däpleri bilen gyzyklanýan okyjylaryň giň toparyna niýetlenendir.

Täze neşiriň tanyşdyrylyş dabarasyna Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de ugurdaş edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Çykyş edenler milli Liderimiziň 2009-njy ýylda başyny başlan ylmy işiniň dowamy bolan täze kitabyň aýratyn ähmiýetini bellediler.

Bu düýpli ylmy işiň esasynda Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň hem-de «tebigy dermanhana» yzygiderli ýüzlenýän türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribesi bar.

Kitabyň sahypalarynda dermanlyk ösümlikleriň, şol sanda belli bir ýerlerde duş gelýän ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda ulanmagyň mümkinçilikleri jikme-jik beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň öwrenilmegine durmuşynyň köp ýylyny bagyşlady.

Dabara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, mazmuny boýunça özboluşly ensiklopediýa türkmen topragynda ösýän, asyrlaryň dowamynda dürli keselleri bejermek üçin netijeli ulanylýan ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri barada bilimleriň hazynasy bolup durýar.