milli goshun logo
Dalaşgärler harby ýokary okuw mekdeplerine resminamalary tabşyrýarlar
Dalaşgärler harby ýokary okuw mekdeplerine resminamalary tabşyrýarlar
14.01.2020 2783 Harby Bilim

Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdeplerine resminamalary kabul edişlik başlandy. Watan goragçysy diýen asylly käriň eýesi bolmagy arzuw edýän ýaş watandaşlarymyz degişli arzalar bilen ýurdumyzyň harby wekilliklerine ýüz tutýarlar.

Dalaşgärleriň köpüsi Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby ýokary okuw mekdeplerine girmek üçin resminamalary tabşyrýarlar. Bu okuw mekdepleriň harby talyplary geljekde hem gury ýerde, hem deňizde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň goranyş ukyplylygyna mynasyp goşandyny goşmaly.

– Harby ýokary okuw mekdebine girmäge meni rota serkerdämiz höweslendirdi. Ol hakykatdanam berk bedenli, ruhy taýdan kämil adam. Mümkinçilik boldugyndan ol öz harby talyp durmuşyndan gyzykly wakalary gürrüň berýärdi. Harby institutda men wepaly dostlary tapyp, çylşyrymly söweşjeň tehnikany ýokary derejede dolandyrmagy öwrenesim gelýär – diýip, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyň dalaşgäri Şöhrat Saparow aýdýar.

Web-saýtymyzyň «Okuw ýyly» bölüminden Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýokary okuw mekdeplerine kabul ediş tertibi bilen tanşyp bilersiňiz.

«Milli goşun».