22.04.2024 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Aşgabatda «Kuraş boýunça dünýä çempionaty dünýä metbugatynda» atly mediaforum geçirildi
Aşgabatda «Kuraş boýunça dünýä çempionaty dünýä metbugatynda» atly mediaforum geçirildi
25.11.2023 790 Sport

Şu gün paýtagtymyzdaky «Sport» myhmanhasynyň mejlisler zalynda «Kuraş boýunça dünýä çempionaty dünýä metbugatynda» ady bilen halkara mediaforumy geçirildi.

Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda geçirilen media forum Halkara kuraş assosiasiýasynyň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylaryny, ýurdumyzyň we dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemledi.

Şeýle hem mediaforumda Aşgabatda geçirilýän çempionat heniz başlamanka, onuň halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly gyzyklanma döredendigi bellenildi. Bu ýaryşa bagyşlanyp, «Мир24», «TRT Avaz», «CCTV» we «EURONEWS» teleýaýlymlarynda ýörite gepleşikler we wideorolikler ýaýlyma berildi, şeýle hem Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň «Asiavision» habarlar toparynyň, Halkara habarlar merkeziniň ýaýlyma beriş kompaniýalarynda beýan edildi.

Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň bäsleşikleri «Türkmenistan Sport» we «Ýaşlyk» teleýaýlymlarynda göni ýaýlymda görkeziler.