milli goshun logo
Läheňden ylham alynan suwasty gämi
Läheňden ylham alynan suwasty gämi
28.11.2018 2218 Tehnologiýa

Üýtgeşik konstruksiýasy bilen ünsi özüne çekýän «SMX-31» suwasty gämisiniň şekili läheňe meňzedilipdir. «SMX-31» gämisi başgaça «Elektrik» diýlip hem atlandyrylýar. Sebäbi suwasty gämisi dolulygyna elektrik energiýasy bilen hereket edýär. Dizel motorlarynyň ýerine «litiý ion» batareýalary suwasty gämini energiýa bilen üpjün edýär. Suwasty gämi doly awtomatlaşdyrylandyr. Daşky gabygyna altyburç görnüşinde duýujy antenalar ýerleşdirilen gäminiň özi suw astynda wagty, suwuň üstündäki bir enjam bilen uçarmansyz uçarlara we beýleki tehnikalara gözegçilik etmek aýratynlygy bar. Gäminiň uzynlygy 70 metr, agyrlygy 3400 tonna we çümüş çuňlugy bolsa 250 metri geçýär. Gämi doly batareýasy bilen sagatda 37 km tizlikde 30-45 gün deňizde hereket edip bilýär. Özüniň kiçi göwrümi we aýratynlyklary bilen «SMX-31», suwasty gämileriniň täze nesliniň ilkinjisidir.